Azyk önümlerini we alkogolsyz içgileri öndürýän Şweýsariýanyň “Nestle” kompaniýasy ýanwar-sentýabr aýlarynda girdejisini 9,2 göterim ýokarlandyrdy we 2022-nji ýyldaky çaklamasyny gowulandyrdy. Bu ugurda dünýäde iň uly kompaniýa bolan “Nestle” 2022-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda 69,49 milliard dollar girdeji gazandy. Bu görkeziji bilermenleriň çaklamasyndan ýokary boldy.
Kompaniýanyň Demirgazyk Amerikadaky girdejisi 11,2 göterim (19,1 milliard frank), Ýewropadaky girdejisi 7,1 göterim (14 milliard frank), Aziýa, Afrika we Okeaniýadaky girdejisi 8,1 göterim (14 milliard frank) artypdyr.
Geçen çärýekde kofe we Nespresso kofe maşynlarynyň satuwy ýyllyk 3 göterim ýokarlanyp, 4,7 milliard frank bolupdyr.
Suwhan HOJAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









