Ummanyň ortasynda, üstünden ýol geçmeýän sebitde uly heýkelleri bilen myhmanlary garşylaýan täsin bir ada bar. Ol ada Pasha diýýärler… Bu sözler bu ada birnäçe gezek gezelenje baran syýahatçylaryň köpüsiniň aýdýan meşhur sözleridir. Günorta Ýuwaş ummanynyň merkezinde ýerleşýän wulkan adasy özüniň Rapa Nui milli seýilgähi bilen dünýäniň meşhur ýerleriniň biri hökmünde tanalýar. Taryhy maglumatlara görä, 700-nji ýyllarda adada ýaşan polineziýalylar ynançlaryna eýerip «Moai» (eýe) atly ägirt uly daş heýkellerini oýup ýasapdyrlar. Arheologik barlaglaryň geçirilendigine garamazdan bu heýkelleriň näme sebäpden ýasalandygy entegem syrlygyna galýar.
XVIII asyrda uzak ýurtlardan edilen syýahatlaryň netijesinde 1888-nji ýylda Pasha adasy Çili döwletine birikdirilýär. 1995-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu adada polineziýa medeniýetine degişli birnäçe alamatlar saklanýar. Häzirki wagtda Pasha adasynda 887 sany äpet moai heýkeli bar. Heýkelleriň beýikligi ortaça 4 metrden 10-12 metre çenli aralykda bolup, birnäçesiniň ýere gömlüp barýandygy sebäpli, diňe kelle bölegi görünýär. Bu heýkelleriň agramy ululygyna görä 13 tonnadan 82 tonna çenli aralykda üýtgeýär.
Pasha dünýäniň beýleki ýerlerinden düýbünden tapawutlanýan adadyr. Adanyň töwereginde tokaýlyklar bolsa-da, Pasha adasynda hiç hili agaç ýok. Şol sebäpli adada janly-jandarlaryň hem käbir görnüşi duş gelýär. Bilermenler munuň sebäbini adada ýaşaýan ilatyň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle hem bu ýerde internet birikmesi çäklidir. Maglumatlara görä, adanyň 7750 töweregi ýaşaýjysy bar. Pasha adasynda süýji suwuň hemişelik çeşmesiniň ýokdugy üçin bu ýerde ýagyşdan innowasion usullarda içimlik suwy alynýar.
Pasha adasy barmasy kyndygyna seretmezden ýyl-ýyldan syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Rapa Nui milli seýilgähinde gezelenç edýän myhmanlar heýkelleri synlamak bilen bir hatarda adanyň kenarynda dynç alýarlar. Adada heýkeller bilen bir hatarda polineziýa medeniýetine degişli birnäçe petroglifler (gaýalara çekilen surat) hem bar.