Adam saglygy üçin peýdaly iýmitlik otuň biri hem ysmanakdyr. Ysmanak bedeni witaminler bilen iýmitlendirmäge, zyýanly maddalardan arassalamaga hem-de agramyňy kadaly saklamaga kömek edýär. Ysmanagyň ata Watany ýakyn Gündogar ýurtlary hasaplanýar. Arap söwdagärleriniň Ýewropa ýurtlaryna ýaýratmagy bilen meşhur iýmit hökmünde tanalyp başlan bu ösümlik Amerika yklymyna çenli baryp ýetýär. «Popeýe deňizçi adam» multfilminde baş gahrymanyň gutujyga gaplanan ysmanagy iýip güýç toplamagy bilen bu otuň ilkinji mahabaty ýerine ýetirilýär.
Witaminler toplumy
Ysmanak A, B1, B2, B6, C, PP, P, E, D2, K, demir, kaliý, sink, magniý, kalsiý hem-de saponin we fitonutrient ýaly witamindir minerallara baýdyr. Mundan başga-da, bu otuň düzüminde belok, uglewodlar, sellýuloza we ýod saklanýar. Ysmanak immuniteti we myşsalary güýçlendirmäge, süňküň kadaly ösmegine, içegeleriň kadaly işlemegine, bedendäki toksinleri aýyrmaga, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga, dokumalary kislorod bilen doly üpjün etmäge hem-de metobolizmi güýçlendirmäge ýardam edýär. Düzüminde oksal turşusynyň köp bolmagy sebäpli bedendäki zyýanly daşlary aýyrmakda hem peýdasy uludyr. 100 gram ysmanakda bary-ýogy 23 gram kaloriýa bar. Ysmanak kaloriýasy az, ýokumlylygy güýçli iýmitdir. Şol sebäpli bu oty berhiz saklamakda hem peýdalanyp bolar.
Çigmi ýa-da gaýnadylan?
Ysmanagy çigligine hem-de gaýnadylan görnüşde iýip bolýar. Işdäaçarlar taýýarlanylanda bu ot çigligine goşulýar. Gaýnadylan ysmanakdan bolsa dürli görnüşli tagamlar bişirilýär. Köp ýurtda deňiz önümleri bilen taýýarlanýan çorbasy meşhur bolan ysmanak ýokumly maddalaryň «ammary» bolup, iýmit sanawynda hökmany bolmaly otlaryň biri hasaplanýar.