Hytaýyň Zhongnan dagynyň etegindäki ginko agajy 1400-nji güýzüni başdan geçirýär. Ýagny bu agaç 1400 ýaşynda bolup, güýzüň ahyryna onuň daş-töweregi «altyn düşelene» meňzeýär. Ginko agajy Gu Guanýin ybadathanasynyň howlusynda ýerleşýär. Agaç tomusda gülläp, gyşa ýakyn onuň ýere gaçýan altynsow ýapraklaryny görmek üçin dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylar gelýärler. Jahankeşdeler: «Ginko agajynyň ýapraklary «sary deňzi» emele getirýär. Bu gaýtalanmajak özboluşly tebigy ýagdaýdyr» diýip, belläp geçýärler. Ginko hytaý medeniýetinde aýratyn üns berilýän we goralýan agaç bolup, onuň ösüp oturan ýeri bagtly ülke hasaplanýar. 1400 ýyllyk ginko Hytaýyň iň gadymy agaçlarynyň biri bolup, oňa bagyşlanan edebi eserler hem bar. Ginkonyň maňyzly miwesi iýmit hökmünde, ýapraklary dermanlyk maksatlar üçin peýdalanylýar. Bu agajyň gündogar lukmançylygynda ykrar edilen birnäçe peýdasy bar.