Hytaýyň adamly kosmos maksatnamasy agentligi (CMSA) «Long March 5B» göteriji raketasy arkaly ikinji laboratoriýa bekediniň uçurylandygyny mälim etdi. Laboratoriýanyň Ýeriň aşaky orbitasyndaky kosmos bekedine baryp birigendigi mälim edildi. «Mengtian» atly laboratoriýa Şanhaýyň Kosmos tehnologiýasy akademiýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Uzynlygy 17,9 metre, diametri 4,2 metre ýetýän modulyň agramy 23 tonna barabar.
Hytaý Ýeriň orbitasyndaky kosmos bekediniň gurluşygyny alyp barýar. Mundan ozal bu bekediň birinji laboratoriýasy bolan «Wentian» uçurylypdy. Hytaýyň özbaşdak gurýan «Tiangong» atly bu kosmos bekedi esasy moduldan, iki laboratoriýadan we bir kosmos teleskopyndan ybarat.
Emir BADYŞOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby