Birleşen Arap Emirlikleri arassa energiýany kämilleşdirmek babatda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk eder. Abu-Dabi Halkara nebit sergisinde we maslahatynda (ADIPEC 2022) BAE-niň senagat we ýokary tehnologiýa ministri Sultan al-Jabir bilen ABŞ-nyň Halkara energetika işleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy Amos Hoşteýniň arasynda arassa energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin 100 milliard dollarlyk şertnama gol çekildi. Taslamanyň çäklerinde 2035-nji ýyla çenli iki ýurtda we beýleki döwletlerde jemi önümçilik kuwwaty 100 gigawata ýetýän beketler gurlar. Bu hyzmatdaşlygyň iki ýurduň 2050-nji ýyla çenli «howa bitaraplygyna» ýetmeklerine ýardam etjekdigi bellenildi. Taraplaryň tehniki goldaw, taslamanyň dolandyrylyşy we maliýe üpjünçiligi ýaly goldawlary bermek arkaly ösüp barýan ýurtlara ykdysady we daşky gurşaw üçin durnukly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygy mälim edildi.
Aýmyrat ATAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









