Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň döwletlilik binýady has-da berkidilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirlen maksatnamalar, ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär we täze iş orunlary döredilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýen sözleriniň ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladadan nyşandygyny aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda 2022-2052-nji ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny artdyrmaga, hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga hem-de abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklary döwrebaplaşdyrylýar we sanly ulgama geçirilýär. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň ilatynyň köpelmegi, şäherleşme derejämiziň ösmegi, dürli ugurly senagat kärhanalaryň artmagy bilen şähergurluşyk işiniň ösdürilmegi babatda giň möçberli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzda durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak babatda maksatnamalaýyn, giň gerimli işler hem durmuşa geçirilýär.
Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisi hem onuň aýdyň güwäsidir.
Berkarar döwletimizde obalarymyz Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde täze keşbe eýe bolup, olaryň çäkleri barha giňelýär. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde soňky döwürde obalaryň ençemesi şäherçe hukuk ýagdaýyna eýe bolýarlar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň we üýtgetmegiň tertibi «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Kanuna laýyklykda, welaýatlary, etraplary, şäherdäki etraplary, geňeşlikleri döretmek we ýatyrmak, ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň derejesine degişli etmek, olaryň adyny üýtgetmek, şeýle hem dolandyryş-çäk gurluşynyň beýleki meselelerini çözmek welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamalary boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar. Bu babatda degişli teklipler işlenip taýýarlananda, netijeli dolandyryş, ykdysady mümkinçilikler, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligi, senagatlaşdyrmak, iri ilatly ýerleri döretmek we bu ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek nukdaýnazaryndan ugur alynýar.
Bellenilişi ýaly, ýer, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we dolandyrmagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylýan döwründe ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde taýýarlanylan tekliplere laýyklykda, 6 etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak, 36 obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýle-de, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 oba şäherçe derejesini berip, 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherlere birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek hem-de 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edildi. Mundan başga-da, mejlisde häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ilatynyň oba ýerleriniň taryhy atlarynyň dikeldilmegi bilen bagly tekliplerini, haýyşnamalaryny göz öňünde tutup, ýurdumyz boýunça 2 etrabyň, 3 şäheriň, 4 şäherçäniň, 3 geňeşligiň hem-de 21 obanyň adyny üýtgetmek boýunça teklipleriň taýýarlanandygy barada habar berildi.
Mejlisde hormatly Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň dolandyryş-çäk birlikleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi we maliýe serişdeleriniň ýurdumyzyň durmuş ulgamyna, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglyk edaralarynyň gurluşygyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Bu işiň esasynda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işine işjeň gatnaşmaklaryny höweslendirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşini gazanmak, senagat taýdan ösen döwletleriň arasynda Türkmenistanyň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda innowasion işleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirmek, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak arkaly iri häzirki zaman önümçilikleri döretmek ýaly anyk maksatlardyr wezipeler durýar. Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan eziz Diýarymyzda möhüm ähmiýetli we giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulyşmak, elektron senagaty döretmek, adam maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek sanly özgertmeleriň bütindünýä derejesinde we ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meseledir.
Özgertmeleriň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz barada aýdanlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 36 sany obanyň golaýynda ýerleşýän ilatly ýerlere birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirmegiň, 6 sany oba şäherçe derejesini bermegiň, welaýatlarda ýörite ýer gaznasynyň çäginde raýatlara jaý gurmak üçin berlen mellek ýerlerinde dörän 5 sany ilatly ýere oba derejesini berip, 5 sany obany döretmegiň teklip edilýändigini belledi.
Umuman, ýokarda beýan edilen teklipleriň durmuşa geçirilmegi durnukly ösüş üçin ýurdumyzda bar bolan serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly üpjün edilmegine, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň meýilnamalaýyn we maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçilik etmäge, senagatlaşma derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginler bilen alnyp barylmagyna ýardam eder hem-de sebitleriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga goşýan goşandyny artdyrar.
Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy