Güýz pasly oba hojalygynda iň bir gyzgalaňly döwürleriň biridir. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri güýz paslynda ösdürilip ýetişdiren oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnaýarlar. Türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýär. Oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň netijeleri jemlenýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzyň dürli ugurlarynda, şol sanda oba hojalygynda zähmet çekýän adamlaryň öz kärlerine yhlas bilen çemeleşip, uly üstünlikleri gazanmaklyga bolan hyjuw-höweslerini artdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ene topraga ykbalyny baglan pagtaçy, gallaçy daýhanlaryň bereketli hasyl öndürmeklerine uly ýardam berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» Karary kabul etmegi bu babatdaky aladalara döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändigini ýene-de bir sapar aýdyň tassyklady. Çünki onda ýer bilen iş salyşýan adamlaryň dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny kemala getirmeklerine uly höwes döredýän çäreler göz öňünde tutulýar.
Bu möhüm Kararda kärendeçi daýhanlaryň, ýerleriň peýdalanyjylarynyň, eýeleriniň döwlet harmanyna goşan bugdaý, pagta, şugundyr hasylynyň umumy möçberiniň ýarpysynyň gaýtadan işlenilmeginden alynýan kepegi, künjarany, şugundyr lötüni olaryň özlerine ýeňillikli bahalardan satmak barada bellenilýär. Bu hem olaryň öndüren jemi hasyllary üçin bellenilen nyrhlar boýunça döwletimiz tarapyndan tölenilýän pul serişdelerinden başga-da goşmaça girdeji gazanjakdyklaryny aňladýar. Şeýlelikde, indi ene toprakdan bereketli hasyl almagyň hötdesinden gelen daýhanlaryň zähmeti olara has-da uly girdeji getirer.
Ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleriniň oba hojalyk ylmynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy pudakda gazanylýan üstünlikleriň berk binýady bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli tutumlar guwandyryjy netijelerini berýär. Ýerden bol hasyl almakda gazanylýan üstünlikler muňa doly güwä geçýär.
Umuman, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Daýhanlarymyz döwrebap tehnikalar, himiki serişdeler, suw, ýokary hilli tohumlar hem-de mineral dökünler bilen üpjün edilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 2-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bugdaý ekmäge niýetlenen ýerler irgözinden tekizlenilip, ekişe taýýarlamak işleri ýokary derejede geçirildi. Bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde bol hasyl berýän görnüşleriniň tohumy ýeterlik mukdarda taýýarlandy. Gallaçy daýhanlarymyz şu ýylda 690 müň gektar ýerde bugdaý ekip, geljek 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna guşgursak dänäni Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamak meýilleşdirilýär.
Soňky ýyllarda hususyýetçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Telekeçilerimiz diňe bir pagtanyň, dänäniň we beýleki ekinleriň, miweleriň ýokary hasylyny almak bilen çäklenmän, ýetişdirilýän hasyly gaýtadan işlemekde-de uly işleri bitirýärler.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny ýerden bol hasyl almakda ýokary netijeleri gazanmak bilen dabaralandyrýan daýhanlarymyzyň işleri rowaç alýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýan tutumly işler Garaşsyz döwletimizde azyk bolçulygyny döretmegiň kepili bolup hyzmat edýär.
Ogulgerek IŞANGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ykdysadyýeti dolandyryş fakultetiniň mugallymy