Elektroulag kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar

54

Dün­ýä­niň iň uly elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Foxconn” elekt­rou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny art­dyr­ýar. “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mo­bil en­jam­la­ry­ny hem ön­dür­ýän tai­wan bren­di ABŞ-nyň “Lords­town Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len 170 mil­li­on dol­lar­lyk şert­na­ma gol çek­di. Bu ame­ri­kan bren­di elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýar. “Foxconn” hä­zir­ki wagt­da aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri bo­lan “Fis­ker” we “Stel­lan­tis” bi­len hem hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şert­na­ma­nyň çäk­le­rin­de “Foxconn” ame­ri­kan bren­din­de paý­na­ma sa­tyn al­dy. Şert­na­ma ta­mam­la­nan­dan soň­ra, “Lords­town”-da­ky paý­na­ma­la­ryň 18,3 gö­te­ri­mi­ne “Foxconn” eýe­çi­lik eder.
Ge­çen ýyl ame­ri­kan bren­di­niň Oga­ýo şta­tyn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýe­ňil ýük ulag­la­ry­ny ön­dür­ýän za­wo­dy­ny “Foxconn” sa­tyn aly­py. Bu ýer­dä­ki önüm­çi­lik şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ýo­la goý­lup­dy.

Han­gy­lyç Ka­ka­ly­ew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by