Ýewropanyň uçar öndüriji kompaniýasy “Airbus” önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär. Oktýabr aýynda 60 sany uçary müşderisine gowşuran kompaniýa alan sargyny wagtynda ýerine ýetirmek üçin has köp uçar öndürmeli bolar. Ýylyň ahyryna çenli kompaniýa ýene-de 205 uçary taýýar etmeli bolar. Kompaniýa mart aýynda 63 uçar öndürip, ýylyň aýlyk rekordyny goýupdyr. Esasy önümçilik merkezi Fransiýanyň Tuluza şäherinde ýerleşýän kompaniýa iň köp isleg bildirilýän modeli “A320”-niň önümçiligini 2025-nji ýyla çenli aýlyk 75-e ýetirmegi meýilleşdirýär.
Dünýäniň dürli ýerlerindäki kompaniýalara howa gämilerini satýan “Airbus” soňky aýlarda “British Airways” we “Iberia” eýeçilik edýän “International Airlines Group” toparyndan, Hytaýyň “XiamenAir” kompaniýasyndan, Angliýanyň “Jet2” kompaniýasyndan sargyt alypdyr.
Ýunus Hojakaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









