Katar 2022-ä gatnaşýan ýygyndylaryň tälimçileri birin-birin öz toparlarynyň düzümini mälim etmegini dowam edýär. Çempionlygyň dalaşgärlerinden Ispaniýanyň hem ýygyndysynyň hem düzümi mälim bolup, tälimçi Luis Enrike 26 futbolçyny Katara çagyrdy. Olaryň arasynda Žordi Alba, Dani Karwahal, Aspilikueta, Laport, Rodri, Buskets, Gawi, Pedi, Torres, Fati, Morata ýaly oýunçylar bar. Ozaldan bäir düzüme almaýan oýunçylaryny, ýagny meşhur goragçy Serhio Ramosy, derwezeçi Dawid De Heany, şol sanda iň gymmat derwezeçileriň biri Kepa Arrisabalagany hem-de Tiago Alkantarany ýene-de sanawa goşmady.

DERWEZEÇILER:

Unai Simon («Atletik»),

Robert Sançes («Braýton»),

Dawid Raýýa («Brentford»);

GORAGÇYLAR:

Dani Karwahal («Real Madrid»),

Erik Garsiýa («Barselona»),

Žordi Alba («Barselona»),

Emerik Laport («Mançester Siti»),

Sesar Aspilikueta («Çelsi»),

Pau Torres («Wilýarreal»),

Hose Gaýýa («Walensiýa»),

Hugo Gilýamon («Walensiýa»);

ÝARYMGORAGÇYLAR:

Rodri («Mançester Siti»),

Serhio Buskets («Barselona»),

Gawi («Barselona»)

Pedri («Barselona»),

Koke («Atletiko»),

Markos Lorente («Atletiko»),

Karlos Soler («PSŽ»);

HÜJÜMÇILER:

Alwaro Morata («Atletiko»),

Ferran Torres («Barselona»),

Ansu Fati («Barselona»),

Pablo Sarabia (PSŽ),

Niko Williams («Atletik»),

Marko Asensio («Real Madrid»),

Ýeremi Pino («Wilýarreal»),

Dani Olmo («RB Leýpsig»).