Ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan TSMC has ýokary geçirjiligi bolan çipleri öndürmegiň aladasyny edýär. Kompaniýa 1nm çipleriň önümçilik prosesi üçin işe girişdi. “Taiwan Semiconductor Manufacturing Company” (TSMC) kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri AMD kompaniýasy üçin 5nm mikroprosessorlaryny öndürýär. Şeýle hem “Nvidia” kompaniýasynyň “Ada Lovelace RTX 40” seriýasyna degişli ekran kartlary üçin 4nm komponentlerini öndürýär. “Apple” kompaniýasynyň “iPhone” smartfonlarynyň çipleriniň hem köp bölegini TSMC öndürýär. “Apple” häzirki wagtda satuwda bolan “iPhone 14” smartfonlarynda hem TSMC-niň 4nm mikroprosessorlary bar. Häzirki wagtda kompaniýa 3nm çiplerini diňe Taýwanda öndürýär. Kompaniýa bu çipleriň önümçiligini ABŞ-da hem ýola goýmagy maksat edinýär.
TSMC 2020-nji ýylda ABŞ-da önümçilik we ylmy barlag desgasyny gurmaga girişipdi. Bu desganyň geljek ýylyň birinji çärýeginde açylmagyna garaşylýar.
Şeýle hem TSMC 1nm çipleriň önümçiligini ýola goýmagyň tehnologiýasyny hem gözleýär. Bu maksat bilen kompaniýa täze usullary gözlemek we işläp taýýarlamak üçin Massaçusets Tehnologiýa instituty hem-de Milli Taiwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Merdan Seýidow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty mugallymy