60 ýyl mundan ozal, gol çekilen Rim ylalaşygynyň şanly senesine bagyşlanan dabaraly maslahat Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda-da geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahata ýurdumyzdaky daşary ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde Rim ylalaşygynyň gol çekilen ýylyna bagyşlanan surat sergisi hem-de dokumental film görkezildi. Maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda Ýewropa Bileleşiginiň işi, Türkmenistan bilen bu abraýly guramanyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, Birleşen Milletler Guramasy bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar, ÝB-niň ýaşlara gönükdirilen bilim we sport maksatnamalary barada gürrüň edildi.
Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdunyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Rim ylalaşygynyň 60 ýyllygyny belläp geçdiler we olar guramanyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrundaky isleglerini beýan etdiler. Ýubileý sammit 1957-nji ýylda 6 ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ylalaşyga gol çekilen Rimiň Kapitoloýasyndaky Gorasiýew we Kuriasiýew zallarynda geçirildi.
– Hormatly jenaplar, 1957-nji ýylda Lýuksemburgyň adyndan Rim ylalaşygyna gol çekilen stoluň başynda Rim ähtnamasyna gol çekýärin – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy, Lýuksemburgyň ozalky Premýer-ministri Žan-Klod Ýunker belläp geçdi.
Soňra Ýewropanyň liderleri biri-biriniň yzyndan stoluň başyna geçip, öz gollaryny goýdular. Rim ähtnamasy guramanyň işiniň mundan beýläk-de ilerledilmegine itergi berer. Guramanyň öňünde şu wezipeler goýuldy: Ýewropanyň howpsuz, gülläp ösýän, adalatly we dünýä arenasynda güýçli bolmagy üçin tagallalar birleşdirilýär.
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žan-Klod Ýunker Rim ähtnamasy bilen Ýewropa taslamasynyň täze döwrüne gadam basylandygyny mälim etdi. 1957-nji ýylda gol çekilen Rim ylalaşygy Ýewropa Bileleşiginiň düýbüniň tutulmagyna esasy itergi beren resminamalaryň biridir.
ÝB-niň düýbi 1941-1945-nji ýyllaryň urşundan soňra tutulypdy. Günbatar Ýewropanyň 6 ýurdy Rim ylalaşygyna gol çekip, geljek ýyllarda Ýewropa sebitiniň ähli ýurtlaryny bir ýere jemlejek guramanyň düýbüniň tutandygyndan bihabardy. Şol ýyl Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Gollandiýanyň hem-de Lýuksemburgyň ýolbaşçylary adamlaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň erkin aýlanmagyny gazanmak üçin bu ylalaşyga gol çekipdi. Bu ylalaşyk 1958-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giripdi.
Ýewropa Bileleşiginiň 27 agzasy bar. Olaryň ilatynyň sany 500 milliona barabardyr. Guramanyň 19 ýurdunda 340 million ilat ÝB-niň pul birligi bolan ýewrony ulanýar.
Ýewropanyň 7 ýurdy
super kompýuter öndürmekçi
Rim ylalaşygynyň 60 ýyllygynyň baýram edilen gününde Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Lýuksemburgyň, Gollandiýanyň, Portugaliýanyň hem-de Ispaniýanyň ylym-bilim we barlaglar ministrleriniň arasynda Ýewropanyň super kompýuterini öndürmek babatda ylalaşyga gol çekildi.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Andrus Ansip 7 ýurduň öz mümkinçiliklerini birleşdirip, täze kompýuter tehnikasyny emele getirjekdiklerini belläp geçdi.