Katar 2022 Dünýä Kubogynda düýnki taryhy garaşylmadyk netijeden soň, ýene biri peýda boldy. Ýene-de Aziýanyň wekili Dünýä futbolynyň ägirtlerinden, 4 gezek Dünýäniň çempiony Germaniýany garşydaşlarynyň 1-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Edil düýnki oýundaky ýaly, Germaniýanyň ýygyndysy 33-nji minutda penaltiden Ilkaý Gündoganyň goly bilen 1-0 öňe saýlandy.

Gollary nemes klublarynda oýnaýan oýunçylar geçirdi

Ýöne 2-nji ýarymda Ýaponiýa başgaça oýun görkezdi. Depginini gowşadan nemesler bolsa olaryň erjel oýunlaryna jogap berip bilmedi. Duşuşygyň 75-nji minutynda Germaniýanyň “Fraýburg” toparynda çykyş edýän Ritsu Doan hasaby deňlemegi başardy. Ol Noýerden yzyna gaýdan topa batly urup, topy derwezä girizdi. Bu goldan 8 minut soň, has takygy, 83-nji minutda Germaniýanyň başga bir kluby “Bohumda” oýnaýan Takuma Asano sag gyradan geçirilen hüjümde topy batly urup, Noýeriň goranýan burçundan topy derwezä girizdi. Galan minutlarda-da nemeslere hasaby deňlemek başartmady. Ýaponiýa bilen 3-nji gezek duşuşan Germaniýa garşydaşyny ýene bir ýola ýeňip bilmedi.