“Volvo” kompaniýasynyň elektroulag brendi “Polestar” Ýewropada önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomas Ingenlat bu zawodda ilkinji bolup, “Polestar 7” modeli öndüriler. “Volvo Car Group” toparynyň bu brendi Ýewropanyň daşyndaky bazarlarda hem satuwa çykarylar. Ingenlat metbugat işgärlerine beren beýanatynda geljek bäş ýylyň dowamynda önümçiligiň ýola goýuljakdygyny mälim etdi. häzirki wagtda “Polestar 7”-niň tehniki aýratynlyklarynyň nähili boljakdygy anyk däl.
Kompaniýanyň uly bölegine Hytaý kompaniýalary eýeçilik edýär. “Polestar 2” modeli bolsa Hytaýyň Lusýao şäherindäki zawodda öndürilýär. Geçen aý bolsa, “Polestar 3 SUV” ulagynyň nusgalyk görnüşi tanyşdyrylypdy. Bu ulagyň geljek ýyldan başlap, Hytaýyň Çendu hem-de ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynyň Çarlston şäherindäki zawodynda öndüriljekdigi mälim edildi.
Hanguly Hangulyýew, Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyk institutynyň talyby
PDF









