Soň­ky ýyl­lar­da tä­ze ösü­şe eýe bo­lan, maz­mun ba­bat­da baý­laş­dy­ry­lan türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­rynyň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­niň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri ga­dy­my­ýet­den bä­ri iki hal­ky bir­leş­dir­ýän me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň umu­my­ly­gy­na esas­lan­ýan yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Da­şo­guz şä­he­rin­de Türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly­nyň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Bu fo­rum­da iki ýur­duň se­net­çi­le­ri­niň hem-de şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň iş­le­ri­niň ser­gi­si gu­ral­dy. On­da türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, te­bi­ga­tyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi­ni, ta­ry­hyň, me­de­ni­ýe­tiň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni be­ýan ed­ýän eser­ler gör­ke­zil­di.
Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, iýul aýyn­da hormatly Prezidentimiz Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry bi­len bar­dy. 20-nji okt­ýabr­da Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Aş­ga­ba­da res­mi sa­par bi­len gel­di. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri­niň ama­la aşy­ran bu sa­par­la­ry we ola­ryň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar bi­ziň gel­jek­ki gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ösü­şi üçin tä­ze ba­dal­ga­dyr.
Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan we bar­ha ös­dü­ril­ýän hyz­mat­daş­lyk iki do­gan­lyk döw­le­tiň uzak möh­let­le­ýin bäh­bit­le­ri­ne, halk­la­ry­my­zyň gö­wün küý­seg­le­ri­ne ky­bap gel­ýär. Şun­dan ugur ala­nyň­da, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän bu fes­ti­wal di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn me­de­ni gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek ba­ba­tyn­da däl, eý­sem, Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da hem mö­hüm wa­ka bo­lup dur­ýar. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň gat­na­şyk­la­ryn­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­dy­gyn­dan, mil­li me­de­ni­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän bu hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­len bi­le­lik­dä­ki giň ge­rim­li me­de­ni çä­re­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy hor­mat­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip gat­naş­ma­gy mö­hüm wa­ka öw­rül­di. Onuň çäk­le­rin­de Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ge­çi­ren gep­le­şik­le­rin­de, beý­le­ki ugur­lar bi­len bir­lik­de, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­me­giň mö­hüm­di­gi­ne hem üns çe­kil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan fes­ti­wa­lyň çä­gin­dä­ki her bir da­ba­ra bi­ziň üçin ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra öw­rül­di. Türk­me­niň mil­li däp-des­sur­la­ry, baý me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty dün­ýä ýü­zü­ne şöh­le saç­ýar. Bu baý­ram­çy­lyk­da ýaň­la­nan halk äheň­le­ri, yn­san dur­mu­şy­ny be­ze­ýän toý­la­ryň eg­sil­me­jek da­ba­ra­sy, iň esa­sy-da, ýü­zün­de bagt şug­la­sy nur­lan­ýan adam­la­ryň myh­man­sö­ýer­li­gi kal­by­myz­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry oýar­dy. Ta­ry­hy ýa­kyn­ly­gy bo­lan halk­la­ry­my­zyň mi­ze­mez dost-do­gan­ly­gy­ny şöh­le­len­dir­ýän aja­ýyp fes­ti­wal iki goň­şy ýurduň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýyl­ýaz­gy­syn­da mö­hüm wa­ka öw­rül­di.

Aý­nur PAÝ­ZUL­LA­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ta­lyp ha­ky­nyň eýe­si.