Türkmenistanly türgenler Türkiýede geçirilen taýboks boýunça «Antalýanyň kubogy — 2022» halkara ýaryşynda medallaryň bäşisine mynasyp boldular. Ýaryş Taýboks boýunça halkara federasiýanyň (IFMA) guramagynda 23 – 27-nji noýabr aralygynda geçirildi.
Bu ýaryşda türkmen taýboksçulary bir altyn we bir bürünç medal hem-de kümüş medallaryň üçüsini eýelediler. Dünýäniň 32 döwletinden 756 türgeniň gatnaşan halkara ýaryşa milli ýygyndy toparymyz 9 türgen bilen gatnaşdy.
Ildeşlerimiziň altyn medalyny 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aşgabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mustapa Saparmyradow gazandy. Kümüş medallary bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Bäşim Bäşimow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Muhammet Jumamyradow (81 kilograma çenli agram derejesinde) we Döwletmyrat Güýjow (91 kilograma çenli agram derejesinde) eýelemegi başardylar.
Aşgabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi Muhammetberdi Röwşenow 91 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýurdumyzyň medal gaznasyna bir bürünç medaly goşdy.