Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

106

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda: “Ol durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanan we halkara giňişlikde ýurduň at-abraýyny belende galdyran, maksada okgunly ýolbaşçy hökmünde hytaý halkynyň taryhyna girdi” diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.