2022-nji ýylyň ahyrlap barmagy bilen “Ýylyň awtoulagy” baýragy üçin finalçylar belli boldy. Şu ýylyň başynda bu baýraga “Kia EV6” koreý brendi mynasyp bolupdy. Täze sanawda hem elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň agdyklyk edýändigini görmek bolýar. Teklip edilýän ulaglaryň arasynda “Peugeot 408” we “Volkswagen ID. Buzz” ýaly daşky dizaýny bilen tapawutlanýan ulaglar hem bar.
Guramaçylyk geňeşi tarapyndan berlen sanawda şu ulaglar bar: “Jeep Avenger”, “Kia Niro”, “Nissan Ariya”, “Peugeot 408”, “Renault Austral”, “Subaru Solterra/Toyota bZ4X” we “Volkswagen ID Buzz”.
Haýsy ulaglaryň baýraga mynasyp bolandygy ýanwarda mälim ediler. Baýraklar mart aýynda Ženewada geçiriljek halkara awtoulag sergisinde gowşurylar.
Isa Rejepbaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









