Dünýäniň köp ýerinde «tanaply awtoulag» adyny alan asma ýollar ilkibaşda gezelenç maksatly gurlan hem bolsa, soňky ýyllarda barmasy kyn ýerlerde ýolagçy gatnawynda-da peýdalanylýar. Ýagny awtoulag serişdeleriniň barmaýan daglyk sebitlerinde ýokaryk çykmak we aşak düşmek hyzmatyny ýerine ýetirýär. Asma ýol tanaplardan «ýapyşyp» hereket edýän, elektrik togy bilen işleýän kabinaly ulgamdyr. Bu ulgam çalt hereket edýändigi hem-de ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Gazetimiziň şu sanynda sizi dünýäniň dürli künjeginde gurlan iň gowy asma ýollary bilen tanyşdyrýarys.
«Zugspitze», Germaniýa. Bu asma ýol Eibsee kölüniň kenaryndan Zugspitze dagynyň depesine çenli aralykda hereket edýär. Uzynlygy 3 müň 215 metr bolan tanaply awtoulag
2017-nji ýylda dünýäde iň ýokary galýan asma ýol hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Deňiz derejesinden 3 müň metr belentlige çykýan kabinalar Awstriýa bilen Germaniýanyň serhedinde ýerleşip, funikulýar otludan has çalt barýar.
«Peak 2 Peak», Kanada. Kanadanyň Wistler Blekkomb dag gerişlerini birleşdirýän «Peak 2 Peak» asma ýoly 436 metr beýiklige galýar. Uzynlygy 4,4 kilometrlik bu asma ýol dagyň depesindäki myhmanhana ýolagçylary gatnadyp, gyşyna syýahatçylara dagyň depesinde lyžada typmaga, arça tokaýlyklaryny hem-de garly depeleri synlamaga mümkinçilik berýär.
«Titlis Rotair», Şweýsariýa. Sýurih şäheriniň golaýyndaky Titlis dagyna çykýan «Titlis Rotair» dünýädäki ilkinji aýlanýan kabinaly asma ýol bolup, syýahatçylara özboluşly gezelençleri hödürleýär. Ýolagçylar bary-ýogy 5 minutyň dowamynda 3 müň metr belentlige çykyp, gar bilen örtülen dag tebigatyny, Ýewropanyň iň uly buzluklaryny synlap bilýärler. Bu asma ýolda syýahatçylaryň islegine görä üsti açyk we ýapyk kabinalar bar.
Mi Teleferiko, Boliwiýa. 10 kilometr uzynlykdaky bu asma ýol Boliwiýanyň La-Pas şäheriniň merkezinden aşaklygyna El-Alto şäherine çenli aralykda ýolagçylara hyzmat edýär. 2014-nji ýylda işe girizilen bu ulgam ulag serişdelerindäki bökdençlikleri aradan aýryp, sagatda 18 müň ýolagça hyzmat edip, 400 metr belentlikde üsti gar bilen örtülen And dagynyň panoramasyny synlamaga mümkinçilik berýär.
«Sugarloaf», Braziliýa. Praia Wermelha, Şekerloaf daglarynyň hem-de paýtagt Rio-de-Žaneýronyň aralygynda hereket edýän bu asma ýol deňiz derejesinden 396 metr belentlige galýar. 1912-nji ýyldan bäri ýolagçylara hyzmat edýän bu asma ýolda «Moonraker» (1979, baş gahryman Jeýms Bond) filminiň käbir bölekleri surata düşürildi. Bu ýol ýolagçylara täsin başdangeçirmeleri hödürleýär.
«Vanoise Express», Fransiýa. La-Plan şäheriniň lyža meýdançasyny Alp daglaryndaky «Les Arcs» lyža şypahanasy bilen birleşdirýän bu asma ýol 1 müň 800 metr belentlige galýar. Adaty ýagdaýda jülgäniň üstünden 380 metr belentlikde geçýär. Bezeg taýdan özboluşly bu asma ýol birbada 200 ýolagçyny alyp, 4 minutlyk gezelenjiň dowamynda tebigy gözelliklerden lezzet almaga şert döredýär.
«Ngong Ping 360», Gonkong. 5,7 kilometr uzynlykdaky bu asma ýol Gonkongyň Lantau adasy bilen Ngong Ping dagyny birleşdirýär. Ngong Ping asma ýoly syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen gurlup, 25 minutlyk gezelenjiň dowamynda dag tebigatyny hem-de ýadygärlikler toplumyny synlap bolýar.