Täze möwsümi 7-nji awgustda başlanjak Niderlandlaryň çempionaty “Eredivisie”-niň öňdebaryjy toparlaryndan “Aýaks” düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Amsterdamlylar Ýulian Brandtdan soň başga bir germaniýaly oýunçyny, ýagny derwezeçi Mark-Andre ter Ştegeni hem transfer etdi. “Aýaks” topary 34 ýaşyndaky derwezeçi bilen 1 ýyllygyna kärendesine şertnama baglaşdy. Geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Žirona” toparynda kärendesine geçiren Ter Ştegen 2014-nji ýylda “Borussiýa M” klubundan “Barselona” transfer bolupdy. Ol “Barselonanyň” derwezesini jemi 423 oýunda gorapdy.
PDF








