Awtoduralgalar Gün panelli bolar

122

Fran­si­ýa­da aw­to­du­ral­ga­lar­da Gün pa­nel­le­riň go­ýul­ma­gy üçin tä­ze düz­gün güý­je gir­di. Bu ka­nu­na gö­rä, 80-400 ulag orun­lyk açyk aw­to­du­ral­ga­la­ryň 5 ýyl, 400-den köp orun­lyk aw­to­du­ral­ga­la­ryň 3 ýy­lyň do­wa­myn­da umu­my meý­da­ny­nyň azyn­dan 50 gö­te­ri­mi­niň Gün pa­nel­li bol­ma­gy ta­lap edi­ler. Şeý­le­lik­de, je­mi 11 GW elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­jek be­ket­ler hiç hi­li ýer bö­lü­nip be­ril­mez­den, şä­her için­de peý­da bo­lar. Ulag­la­ra sa­ýa sal­jak pa­nel­ler hem ulag­la­ry Gü­nüň zy­ýan­ly şöh­le­le­rin­den go­rar, hem-de şä­her ho­wa­sy­nyň gyz­ma­gy­nyň öňü­ni alar. Mag­lu­mat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, aw­to­du­ral­ga­la­ra gu­rul­jak Gün pa­nel­le­rin­den alyn­jak ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry örän köp. Fran­si­ýa­da kä­ren­de­si­ne be­ril­ýän aw­tou­lag­la­ryň kö­pü­si elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Bu ulag­lar şä­he­riň bel­li ýer­le­rin­dä­ki aw­to­du­ral­ga­lar­da go­ýul­ýar. Gün pa­nel­le­rin­den alyn­jak ener­gi­ýa­nyň elekt­rou­lag­lar üçin peý­da­la­nyl­ma­gy bol­sa, ola­ryň ýan­gyç üçin çyk­da­jy­sy­ny azal­dar.

Ra­hat Ata­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.