Fransiýada awtoduralgalarda Gün panelleriň goýulmagy üçin täze düzgün güýje girdi. Bu kanuna görä, 80-400 ulag orunlyk açyk awtoduralgalaryň 5 ýyl, 400-den köp orunlyk awtoduralgalaryň 3 ýylyň dowamynda umumy meýdanynyň azyndan 50 göteriminiň Gün panelli bolmagy talap ediler. Şeýlelikde, jemi 11 GW elektrik energiýasyny öndürjek beketler hiç hili ýer bölünip berilmezden, şäher içinde peýda bolar. Ulaglara saýa saljak paneller hem ulaglary Günüň zyýanly şöhlelerinden gorar, hem-de şäher howasynyň gyzmagynyň öňüni alar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, awtoduralgalara guruljak Gün panellerinden alynjak energiýanyň mukdary örän köp. Fransiýada kärendesine berilýän awtoulaglaryň köpüsi elektrik energiýasy bilen işleýär. Bu ulaglar şäheriň belli ýerlerindäki awtoduralgalarda goýulýar. Gün panellerinden alynjak energiýanyň elektroulaglar üçin peýdalanylmagy bolsa, olaryň ýangyç üçin çykdajysyny azaldar.
Rahat Ataýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
PDF









