Ýurdumyzda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplap, guramanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan 1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­dy. Şol dö­wür­den baş­lap ýur­du­myz bu gu­ra­ma we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da we 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň Ýer ýü­zün­de dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek we pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň äh­lu­mu­my yk­rar­na­ma eýe bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le-de, 2017-nji ýy­lyň 2-nji few­ra­lyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­sin­de 12-nji de­kab­ry «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu ta­ry­hy çöz­güt­ler Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ta­gal­la­la­ry­na ber­ýän ýo­ka­ry ba­ha­sy­dyr.
Türk­me­nis­tan bu ab­raý­ly gu­ra­ma bi­len Bi­ta­rap­lyk tag­ly­ma­ty­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek ar­ka­ly, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk edip, özü­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni kuw­wa­ty­ny tu­tuş­ly­gy­na äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ulan­ma­ga ça­lyş­ýar.

Ýur­du­myz hä­zi­re çen­li dün­ýä­niň 151 döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 50-ä go­la­ýy­nyň ag­za­sy bol­mak bi­len, hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ryň, şert­na­ma­lar­dyr beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň hem 170-e go­la­ýy­na gat­naş­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Nýu-Ýork şä­he­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji mej­li­si öz işi­ne baş­la­dy. Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň şu ge­zek­ki ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. No­bat­da­ky ses­si­ýa­da Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gy­na 2025-nji ýy­ly «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi hö­dür­le­di. Şeý­le-de, 2022-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, Baş As­samb­le­ýa­nyň ga­ra­ma­gy­na bu mer­ke­ziň or­ny ha­kyn­da­ky no­bat­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa­ny pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň zo­la­gy di­ýip yg­lan et­mek bi­len bag­ly wa­ka­ny be­ýan et­di. Şeý­le-de, hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­mak dia­lo­gy­nyň fi­lo­so­fi­ýa­sy­ny iler­let­mek bi­len, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly Ka­rar­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy tek­lip et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Biz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, dün­ýä­niň ýurt­la­ry we halk­la­ry bi­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýa­rys» di­ýip bel­le­ýär. Arkadagly Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Türk­me­nis­tan ne­ti­je­li se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şu­lyp, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňeld­ýär.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ýan, hal­ky­my­zyň asu­da, pa­ra­hat, aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, zäh­met çek­me­gi ug­run­da taý­syz ta­gal­la­lar ed­ýän Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun!

Güljan ARNABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.