Şan­ly baý­ra­ma sow­gat

234

Bitaraplyk biziň baky bagtymyzyň binýadydyr, ähli üstünliklerimiziň gözbaşydyr, ynsanperwer ýörelgelerimiziň rowaçlanmagydyr. Ol biziň her birimiziň ruhumyzy belende göterýän, röwşen geljege ynamymyzy artdyryp, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döretmäge, gurmaga, has-da döredijilikli zähmet çekmäge hyjuwlandyrýan özboluşly ruhy güýçdür. Bitaraplyk halkymyzyň nurana kalbyndan dünýäniň çar künjüne uzaýan dost-doganlyk ýollaryny ýagtyldýan şamçyragdyr.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da bellenilýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­k baý­ra­mynyň öňü­sy­ra­syn­da hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. 27-nji no­ýabr ­– 3-nji de­kabr ara­ly­gyn­da Ma­rok­ko­da geçi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak ba­ra­da­ky Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 17-nji mej­li­sin­de dünýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň hö­dür­län mil­li gym­mat­lyk­la­ry tä­ze sa­na­wa alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da ýur­du­my­zyň hö­dür­län «Türkme­niň keş­de­çi­lik sun­ga­ty» hö­dür­na­ma­sy hem gol­dan­dy. 2021-nji ýy­lyň mar­tyn­da ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan bu baş­lan­gyç öňe sü­rül­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da Kon­wen­si­ýa gat­na­şy­jy döw­let­ler ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na goş­mak üçin 46 sa­ny hö­dür­na­ma se­re­dil­di. Şeý­le­lik­de, mil­li keş­de­çi­lik sun­ga­ty­myz ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň hö­dür­na­ma­sy­na go­şul­dy. Göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­me­niň keş­deçi­lik sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bu se­ne­diň dün­ýä halk­lary­nyň me­de­ni­ýe­ti­niň bir bö­le­gi­ne öw­rül­me­gi­ni üp­jün eder.

Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä möç­ber­li ta­ry­hy we me­de­ni äh­mi­ýe­ti bo­lan des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýan ýur­du­my­zyň çä­gin­de bar bo­lan aja­ýyp ýa­dy­gär­lik­ler, türk­men hal­ky­nyň sun­ga­ty­nyň dür­li gör­nüş­le­ri we ede­bi mi­ra­sy ÝU­NES­KO-nyň sa­naw­la­ry­na gi­ri­zil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ga­dy­my Merw, Kö­ne­ür­genç we Nu­saý ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri bar.
2015-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň ýüz­tut­ma­sy bi­len ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, 2017-nji ýyl­da «Küşt­dep­di» türk­men mil­li aý­dym we tans des­su­ry­nyň, 2019-njy ýyl­da türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň, 2021-nji ýyl­da bol­sa du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň gi­ri­zil­me­gi hem bel­lär­lik­li­dir.
Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­ba­dy «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na goş­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny hem-de türk­men ala­baý­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek sun­ga­ty­ny we beý­le­ki­le­ri Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na goş­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­ýar, beý­le­ki hö­dür­na­ma­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Umu­man, Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NES­KO-nyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi yzy­gi­der­li gi­ňel­ýär, däp bo­lan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry, şol san­da eko­lo­gi­ýa, be­den­ter­bi­ýe we sport ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.
Hal­ky­my­zyň pä­him-paý­ha­syn­dan, eli çe­per ene-ma­ma­la­ry­my­zyň, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ze­hin-yh­la­syn­dan ke­ma­la ge­len ne­pis ha­ly­lar­dyr gül­li ke­çe­ler, sün­nä­le­nip na­gyş­la­nan mil­li ly­bas­lar, in­çe­lik bi­len edi­len el iş­le­ri hiç ha­çan ba­ha­sy­ny ýi­tir­me­jek mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz­dyr. Ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň uz bar­mak­la­ryn­dan dö­re­ýän el iş­le­ri­niň äh­li­si-de ne­pis sun­gat ha­sap­lanyl­ýar.
Mil­li ly­bas­la­ry­myz­da­ky her bir nag­şy­myz gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň gü­lün­den, gun­ça­syn­dan nus­ga al­nyp, döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp dö­re­di­len na­gyş­lar mil­li ly­bas­la­ry­my­zy be­ze­ýär. Keş­de­dir gaý­ma­lar, ha­ly­dyr pa­las­lar, ki­lim­ler ýü­rek­ler­de ba­ky orun alan gö­zel­lik­ler­dir.
Ga­dy­my hem-de baý mil­li mi­ra­sy­my­zy äh­li­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mä­ge, ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.