Hytaýyň ýerli ýolagçy uçary bolan C919-yň ilkinjisiniň taýýar edilip, müşderä ýetirilendigi mälim edildi. “China Eastern” awiakompaniýasynyň satyn alan howa gämisiniň geljek ýyldan başlap ulanyljakdygy habar berildi. Şanhaýdaky Pudun halkara aeroportundan uçan howa gämisi şol şäherdäki Hunsýao Halkara howa menziline gonup, müşderisine gowşuryldy.

Hytaýly hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan uçar 156-168 aralygynda ýolagçy orunlyk bolup, orta uzaklyga gatnamaga niýetlenendir. Hytaýyň “China Eastern” awiakompaniýasy bu uçardan jemi 5 sanysyny sargyt edipdir.

Häzirki wagtda dünýäde ýolagçy uçar önümçiliginde “Boeing” hem-de “Airbus” kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. “Comac” kompaniýasynyň işläp taýýarlan uçaryny öndürmek üçin “General Electric Co.”, “Honeywell International Inc.” hem-de Fransiýanyň “Safran SA” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

Medine Mämmedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby