Hindistan gaýtadan dikeldilýän energiýanyň möçberini artdyrmak maksady bilen täze maýa goýumlaryny özleşdirýär. Ýurtda umumy bahasy 2,44 trillion rupi (29,6 milliard dollar) bolan energiýa taslamasy durmuşa geçiriler. Hindistan 2030-njy ýyla çenli arassa energiýa önümçiligini üç essä çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Ýurduň Energetika ministrligi täze taslamanyň güneşli Rajasthan hem-de Gujarat ştatlaryndaky Gün beketleriniň we Tamilnadudaky ýel beketleriniň milli elektrik geçirijisine birikdiriljekdigini mälim etdi. Ýurtda elektrik geçirileriniň ýeterlik däldigi sebäpli, täzelenýän energiýa çeşmelerinden alynýan elektrik energiýasyny netijeli  peýdalanmakda käbir bökdençlikler ýüze çykýar. Şu onýyllygyň ahyrynda agzalýan taslama arkaly Hindistanyň sebitleriniň arasyndaky elektrik geçirijilik ukybynyň 112 gigawatdan 150 gigawata ýetirilmegi maksat edinilýär.

Hindistan 2070-nji ýyla çenli “nol uglerod” maksadyna ýetmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda ýurtda arassa energiýa çeşmelerinden 173 gigawat elektrik energiýasy öndürilýär. Bu görkezijiniň 2030-njy ýyla çenli 500 gigawata ýetirilmegi maksat edinilýär.

Orazow Döwrangeldi, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby