Her ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da spor­tuň iň köp to­ma­şa­çy­ly, şow­hun­ly gör­nü­şi bo­lan fut­bo­lyň Bü­tin­dün­ýä gü­ni giň­den bel­le­nip ge­çil­ýär. BMG ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni spor­tuň bu gör­nü­şi­ne gö­wün be­ren jan­kö­ýer­le­riň je­bis­li­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ryl­ýar. Ata Wa­ta­ny Ang­li­ýa ha­sap­lan­ýan, öz göz­ba­şy­ny res­mi taý­dan 1863-nji ýyl­dan alyp gaýd­ýan bu owa­dan oýun bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Hä­zir­ki wagt­da 211 ag­za­sy bo­lan FI­FA (Hal­ka­ra Fut­bol Fe­de­ra­si­ýa­sy, 1904-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan) dü­zü­min­de mil­li­on­lar­ça fut­bol­çy­ny jem­le­ýär. Bü­tin­dün­ýä fut­bol gününde to­par­la­ryň ara­syn­da oýun­lar gu­ral­ýar, bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär.
Fut­bo­lyň ta­ry­hyn­dan. Fut­bol ba­ra­da ýa­zy­lan il­kin­ji mag­lu­mat­la­ra ga­ty ir­ki dö­wür­ler­de – iki müň ýyl mun­dan ozal­ky hy­taý ýaz­gy­la­ryn­da duş gel­mek bol­ýar. «Aýak bi­len top oý­na­mak» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu oýun il­ki­baş­da ga­rym-ga­tym oý­na­lyp­dyr. Ta­ryh­çy­la­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, iki ýa­rym müň ýyl mun­dan ozal ga­dy­my Gre­si­ýa­da we Rim­de hem «top üçin sö­weş» at­ly oýun oý­na­lyp­dyr. Bu oýun sö­weş sun­ga­ty ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Wag­tyň geç­me­gi bi­len bu oýun iň­lis me­de­ni­ýe­ti­ne or­naş­ýar. Soň­lu­gy bi­len fut­bol (aýak to­py) diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu oýun düz­gün­leş­di­ri­lip baş­lan­ýar. Oýun­çy­lar iki to­pa­ra bö­lün­ýär, ýö­ri­te egin-eşik we aýak­gap ge­ýil­ýär. 1801-nji ýyl­da iň­lis ýa­zy­jy­sy Jo­zef Stratt hä­zir­ki za­man fut­bo­ly­nyň esas­la­ry­na meň­zeş oý­nuň düz­gün­le­ri­ni «Sport we güý­men­je» at­ly ki­ta­byn­da su­rat­lan­dyr­ýar. 1863-nji ýyl­da fut­bol düz­gün­le­ri res­mi taý­dan ka­bul edil­ýär hem-de Ang­li­ýa­da Fut­bol As­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­ýär. 1891-nji ýyl­da Ang­li­ýa­nyň De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da il­kin­ji ge­zek tor ula­nyl­ýar.