Inženerler wodorod öndürmegiň tizligini ýokarlandyrmak üçin ses tolkunlaryny ulandylar. Awstraliýanyň Patyşa Melburn tehnologiýa institutynyň (RMIT) hünärmenleri suw elektrolizi arkaly “ýaşyl” wodorod öndürmek tehnologiýasyny kämilleşdirdiler. Ses tolkunlaryny ulanmak bilen täze çemeleşme tizligi ýokarlandyrýar, önümçilikdäki çykdajylary azaldýar. Inženerler synag işlerinde elektrodlarda köpürjikleriň emele gelmeginiň öňüni almak we çalt aýyrmak üçin ýokary ýygylykly yrgyldylary ulandylar. Şeýle hem gözlegçiler akustiki täsiriň ulanylmagynyň platina ýa-da iridium ýaly gymmat elektrod materiallaryny ýok edip, arzan kümüş bilen çalşyp biljekdigini bellediler. Awtorlaryň pikiriçe, bu ýaşyl ýangyç öndürmek üçin çykdajylary ep-esli azaldar.

Inženerler birnäçe synagda täze tehnologiýany ulanmak elektroliziň elektrik güýjüni adaty çemeleşme bilen deňeşdirilende 14 esse ýokarlandyrýandygyny görkezdiler. Şol bir wagtyň özünde bu usulda önümçilik üçin energiýa çykdajylary 27% azalýar. Bilermenler täze tehnologiýanyň arzan we ekologiýa taýdan arassa wodorod ýangyjyny öndürmäge mümkinçilik döredýändigine ynanýarlar. Alymlar indi akustiki ulgamyny önümçilikde bar bolan täjirçilik elektroliz gurallary bilen birleşdirmegiň üstünde işleýärler.

Röwşen Jepbarow

Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby