Batareýa önümçiligi artdy

74

Hytaýda ýangyjyň täze çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň satuwy şu ýylyň 11 aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 100 göterim artyp, umumy awtoulag satuwynyň 25 göterimini emele getiripdir. Ýurt bu ulaglaryň önümçiliginde hem dünýäde öňdeligi eýeleýär. Elektroulaga islegiň ýokarlanmagy bilen bu ulaglar üçin niýetlenen batareýa önümçiligi hem artypdyr. Noýabr aýynda elektroulag batareýa önümçiligi 64,5 göterim artypdyr.

Ýurduň Awtoulag öndürijileri bileleşiginiň (CAAM) maglumatlaryna görä geçen aý elektroulag batareýalarynyň önümçilik kuwwaty 34,3 gigawatt/sagada ýetipdir.

Täze energiýa çeşmeleri diýlip dolulygyna elektrik energiýasy, gibrid hem-de wodorod ýangyjy bilen işleýän ulaglara aýdylýar.

Ýurtda noýabr aýynda şeýle ulaglaryň 786 müňüsi satylypdyr. Ýylyň başyndan bäri bolsa 6 milliondan gowrak täze energiýaly ulag öndürilipdir we ýerlenipdir.

Jeýhun Muhammetdurdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby