Pakistanyň raýaty we parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzai Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk boýunça wekili wezipesine resmi taýdan bellendi. Ol gyzlaryň bilim almagy bilen baglanyşykly meseleler babatda iş alyp barar. Malala guramanyň taryhyndaky iň ýaş wekil hökmünde bellige alyndy. Şu ýylyň iýulynda ol 20 ýaşaýar.
BMG-niň Howandarlyk Geňeşinde Baş sekretar Antoniu Guterrişiň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. Şonuň çäklerinde Baş sekretar pakistanly gyz Malala BMG-niň resmi taýdan wekilligine bellenendigi baradaky şahadatnamany gowşurdy. Ol pakistanly gyzyň BMG-niň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin netijeli gulluk etjekdigine ynam bildirdi.
Malala Ýusufzai BMG-niň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirip, her bir çaganyň, her bir gyz maşgalanyň bilim almaga hukugynyň bardygyny belläp geçdi. Ol ýaş gyzlaryň bilim almagy ugrunda zähmet çekjekdigini mälim etdi.
Ol Hindistanyň raýaty Kaýlaş Satýarthi bilen bilelikde, 2014-nji ýylda parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Malala bu sylagy alan iň ýaş laureatlaryň biridir. Mundan ozal, 1915-nji ýylda 25 ýaşly iňlis fizigi Lourens Nobel baýragyna mynasyp bolupdy.
BMG tarapyndan bellenilýän parahatçylyk ilçisi hormatly derejeleriň biridir. Bu dereje sungat, ylym-bilim we beýleki ugurlarda meşhur bolan şahsyýetlere berilýär. Häzirki wagtda BMG-niň parahatçylyk ilçisi derejesine eýe bolan şahsyýetleriň hatarynda Iordaniýanyň şa gyzy Haýýa bint al Husseýn, Golliwudyň aktýorlary Maýkl Duglas, Jorj Kluni, Şarliz Teron we Edward Norton, sazanda Stiw Uander, ýazyjylar Paulo Koelo hem-de pianinoçy Lan Lan bar.