Gyş möwsüminiň gysga günlerinde biziň fiziki işjeňligimiz belli bir derejede haýal bolup, göwnümiz köplenç ýokary kaloriýaly iýmitleri küýseýär. Gynansak-da, sowuk günlerde ýüze çykýan käbir isleglerimiz biziň saglygymyzy goraman, gaýtam biziň immun ulgamymyzy pese düşürýär. Gyşda dürli nähoşluklara sebäp bolýan möwsümleýin wiruslar peýda bolýar. Ýylyň sowuk günleri saglygy we immuniteti berkidýän birnäçe maslahatlar berlip, bedeniň işjeňligini goramakda çynlakaý ýardam edýär.
Ozaly bilen suwuklygy köp içmek maslahat berilýär. Beden üçin suw zerur bolup, ol içegäniň kadaly işlemegine ýardam berýär. Gök çaý bolsa, düzümindäki oksidantlaryň hasabyna immuniteti berkidýär.
Uky bedene düşen agramy gaýtadan dikeldip, işjeňligimizi artdyrmak üçin zerurdyr. Eger-de oňa biparh garasaň, beden öz ulgamyndaky näsazlyklary düzetmegiň hötdesinden gelip bilmeýär. Şeýle-de uky bedeniň gorag ulgamyny berkidýär.
Fiziki işjeňligiň ýa-da sportuň haýsydyr bir görnüşi bilen meşgullanyň! Çünki hereket kaloriýany ýakyp, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, bedeniň durmuşa bolan işjeňligini ýokarlandyrýar. Şeýle-de D witaminini almak maksady bilen aram-aram açyk meýdana çykyň!
Gurbandurdy ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.