Önüm­çi­li­gi 53 ýyl do­wam et­di

127

Dün­ýä­niň iri uçar kom­pa­ni­ýa­sy 53 ýyl ozal ön­dü­ri­lip baş­la­nan «Boeing 747»-niň önüm­çi­li­gi­ni ýa­tyr­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dü­ren soň­ky ho­wa gä­mi­si kon­we­ýer­den çy­kyp, sar­gyt eden müş­de­rä gow­şu­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, awia­si­ýa ta­ry­hyn­da­ky iň meş­hur ho­wa gä­mi­si­niň soň­ku­sy ön­dü­ril­di. Uçar ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt bä­ri Wa­şing­ton şta­tyn­da­ky za­wod­da ön­dü­ril­ýär­di. Soň­ky uça­ryň eýe­si şu ýy­lyň ba­şyn­da dört sa­ny «747-8» ýük uça­ry­ny sar­gyt eden «At­las Air» kom­pa­ni­ýa­sy bol­dy. Bu kom­pa­ni­ýa di­ňe ýük gat­na­wy­ny ama­la aşyr­ýar. «Boeing 747»-niň ýük we ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri bo­lup, 500 orun­lyk ýo­lag­çy gör­nü­şi hem bar. Ho­wa gä­mi­si il­kin­ji ge­zek 1969-njy ýyl­da ön­dü­ri­len­de dün­ýä­niň iň uly we il­kin­ji iki ko­ri­dor­ly ýo­lag­çy uça­ry bo­lup­dy. Şon­dan bä­ri 53 ýyl ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan hä­zir­ki wagt­da hem iň uly ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýük gat­nat­ma­ga ni­ýet­le­nen gör­nü­şi bol­sa, has uly ga­ba­ra­sy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, ägirt uly teh­ni­ka­la­ry da­şap bil­ýär.

Şi­ri­naý BAÝ­MU­HAM­ME­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.