ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy ast­ro­nawt­lar üçin şah­sy aras­sa­çy­lyk ha­ryt­la­ry­ny sar­gyt et­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de iş­le­ýän ast­ro­nawt­lar Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň ýok­du­gy se­bäp­li ada­ty aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ula­nyp bil­me­ýär­ler. Mu­nuň üçin «Col­ga­te-Pal­mo­live» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk edi­ler. Astro­nawt­la­ryň geý­ýän egin-eşik­le­ri­ni, iý­mi­ti­ni we beý­le­ki ulan­ýan zat­la­ry­ny ön­dür­mek üçin dür­li kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk edil­ýär. Tä­ze yla­la­şy­ga gö­rä, «Col­ga­te-Pal­mo­live» hem kos­mos gi­ňiş­li­gin­dä­ki, hem-de Ýer­dä­ki ast­ro­nawt­lar üçin şah­sy aras­sa­çy­lyk we ten sag­ly­gy üçin se­riş­de­leri ön­dü­rer. Kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze önüm­le­ri has in­no­wa­tiw bo­lup, az suw ta­lap eder we berk gap­ly bo­lar. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de kä­bir sy­nag­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik alar.

We­pa Şy­hy­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.