2015-nji ýylda peýda bolan “Minion” animasion filmi uludan-kiçä ähli tomaşaçylaryň göwnünden turupdy. Multfimiň adybir gahrymanlarynyň hem oýnawaçlary satuwa çykarylypdy. Geljek ýylyň tomus aýlarynda bolsa, ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Orlando şäherindäki “Universal Orlando Resort” dynç alyş-güýmenje merkezinde “Minion” temaly meýdança gurlup, ulanylmaga berler. Florida seýilgähinde guruljak “Minion Land”-iň iň gyzykly ýeri “Villain-Con Minion Blast” bolar. Täze güýmenje seýilgähiniň maşgalasy bilen dynç alýanlara niýetlenen bu bölegi “Universal”-yň öňdebaryjy animasiýa film öndürijileriniň biri bolan “Illumination Entertainment”-iň tanymal režissýorlary bilen bilelikde işlenilip düzülýär.Şeýle hem animasiýa gahrymanlarynyň dürli şekilleri oturdyljak meýdançada dürli yşykly görkezişler guralar.

Myrat Garýagdyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby