Awst­ra­li­ýa­da ýe­ras­ty mag­dan­la­ry çy­kar­ýan hü­när­men­ler bu önü­mi da­şa­mak üçin hiç hi­li ýan­gyç ýa-da ener­gi­ýa sarp et­me­ýän ot­ly­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Ýag­ny, bu ot­lu­lar he­re­ket et­me­gi üçin ge­rek bo­lan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny do­lu­ly­gy­na özi ön­dü­rer. Bu ot­lu­lar ýap­gyt­dan aşak gaý­dan­la­ryn­da, ýe­riň dar­tyş güý­ji se­bäp­li hiç hi­li ener­gi­ýa bol­maz­dan hem he­re­ket edip bi­ler­ler. Edil ula­gyň ýo­kar­dan aşak­ly­gy­na özi “ti­gir­le­nip” gaý­dy­şy ýa­ly. Bu ot­lu­da go­ýul­jak ge­ne­ra­tor­lar bol­sa, aşak­ly­gy­na te­bi­gy güýç bi­len gel­ýän ot­ly­nyň aý­lan­ýan ti­gir­le­rin­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dü­rip, ba­ta­re­ýa­sy­na zar­ýad be­rer. Top­la­nan ener­gi­ýa ot­ly­nyň yzy­na bar­ma­gy üçin ýe­ter­lik bo­lar. Bu ýer­dä­ki ýe­ras­ty mag­dan­lar de­ňiz de­re­je­sin­den bir­nä­çe metr uzak­da ýer­leş­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ot­ly aşak­ly­gy­na müň­ler­çe ton­na ýük bi­len gaý­dyp, ýo­ka­ryk boş çyk­ýar. Üs­tün­dä­ki agyr ýük ot­ly­nyň aň­ry­ýa­ny bi­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­gi üçin ýe­ter­lik bol­ýar. Je­mi uzyn­ly­gy 2,8 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan, boş ag­ra­my 40 müň ton­na ýet­ýän 244 wa­gon­lar ar­ka­ly 34 müň 400 ton­na de­mir mag­da­ny­ny da­şa­ýar. De­mir şah­ta­sy de­ňiz de­re­je­sin­den 450 metr be­lent­de ýer­le­şip, 280 ki­lo­metr uzak­da­ky por­ta bäş sa­gat­da äki­dil­ýär. Iş­lä­nip taý­ýar­lan­ýan ba­ta­re­ýa­la­ryň umu­my ag­ra­my 690 ton­na. Bu ag­ra­myň özi uly ýük ýa­ly bol­ma­gy müm­kin, em­ma ot­ly­nyň umu­my ag­ra­my­nyň ba­ry-ýo­gy 2 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Tas­la­ma­ny “For­mu­la 1” ulag­la­ry­ny ön­dür­mä­ge go­şant goş­ýan “Wil­liams” in­že­ner­çi­lik şe­re­ke­ti iş­läp taý­ýar­la­ýar. Je­mi ba­ha­sy 50 mil­li­on dol­lar bo­lan tas­la­ma­nyň iki ýy­lyň do­wa­myn­da ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le­lik­de bu ýer­de he­re­ket ed­ýän 54 di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li lo­ko­mo­tiw aý­ry­lyp, her ýyl­da mil­li­on­lar­ça litr ýan­gyç tyg­şyt­la­nar.