Kamerunyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezeçisi Andre Onana mundan soň milli toparda çykyş etmejekdigini mälim etdi. 26 ýaşyndaky derwezeçi milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Katar 2022-de milli ýygyndynyň tälimçisi Rigobert Song bilen düşünişmän 1-nji duşuşyklardan soň düzümden çykarylan Onana bu barada: “Meniň Kamerunyň ýygyndysy bilen başdan geçirmäm tamamlandy. Futbolçylar gelip-giderler, atlar, ýyldyzlar wagtlaýynçadyr. Ýöne Kamerun hemme kişiden, islendik oýunçydan öňürti gelýändir. Kameruna bolan söýgim çäksizdir. Şeýle-de, milli toparda kyn günlerde bize goldaw beren halkymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Meniň duýgularym üýtgewsizdir” diýip, beýanat berdi.
Ol Katar 2022-de oýun taktikasy boýunça tälimçisi Song bilen düşünişip bilmändigi üçin 1-nji duşuşykdan soň düzümden çykaryldy. “Barselonanyň” ýaşlar düzüminde kemala gelen Onana karýerasynyň köp bölegini “Aýaksda” geçirdi. Ol geçen tomusda-da “Intere” transfer bolupdy. Onana doping sebäpli 1 ýyl jerime hem alypdy. Onana Kamerunyň ýygyndysynda 34 oýunda meýdança çykdy.