Gar aras­sa­la­ýan ma­şyn. Gyş pas­lyn­da ho­wa­nyň so­wap, garyň ýag­ma­gy bi­len te­bi­gat ak do­na bü­ren­ýär. As­man­dan in­ýän ak toz­ga­lar köp­çü­lik­le­ýin baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ne bes­le­nip, adam­lar­da şat­lyk­ly duý­gu­la­ry döredýär. Ýö­ne ga­ryň has köp ýag­ýan ýer­le­rin­de ulag se­riş­de­le­ri­niň typ­ma­gy, he­re­ket edip bil­mez­li­gi ýa­ly ýol he­re­ke­tin­dä­ki bök­denç­lik­ler hem ýü­ze çyk­ýar. Ir­ki dö­wür­ler­de, teh­ni­ka­nyň en­tek oý­la­nyp ta­pyl­ma­dyk wag­tyn­da kö­çe­ler­den, ýo­da­lar­dan ga­lyň gar gat­la­gy­ny nä­dip aýyr­ma­ly di­ýen me­se­le dö­re­ýär. Şeý­le­lik­de, dün­ýä­niň so­wuk ýurt­la­ryn­da il­kin­ji gar aras­sa­la­ýan se­riş­de­ler peý­da bol­ýar.
Gar aras­sa­la­ýan ulag­lar il­kin­ji ge­zek 1792-nji ýyl­da ABŞ-nyň Nýu-Gemp­şir şä­he­rin­de oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Bu ulag ýö­ne­keý gur­lu­şa eýe bo­lup, tir­keg­li at ara­ba­synyň aşa­gy­na ga­ry sy­ryp gid­ýän ke­se­li­gi­ne tag­ta ber­ki­di­lip, ony ýö­ri­te iş­çi do­lan­dy­ryp­dyr. Paý­tun­çy at­la­ry ýu­waş­lyk bi­len sü­rüp gid­ýär, iş­çi bol­sa tu­ta­wa­jy eý­läk-beý­läk aý­la­mak ar­ka­ly ga­ry bir gy­ra ser­pik­di­rip gid­ýär. Bu ul­gam şä­he­riň py­ýa­da ýol­la­ryn­da oňaý­ly ne­ti­je be­ren­soň, at ara­ba­sy­na üç­burç­luk gör­nüş­li tag­ta­lar da­ky­lyp, il­kin­ji gar aras­sa­la­ýan me­ha­nizm peý­da bol­ýar. Üç­burç­luk tag­ta ga­ry böw­süp, ser­pik­dir­mek işi­ni ýe­ňil­leş­di­rip, soň­lu­gy bi­len de­mir ýol ulag­la­ry­na hem or­naş­dy­ry­lyp baş­lan­ýar. 1840-njy ýyl­lar­da ABŞ-da gar aras­sa­laý­jy de­mir ýol ulag­la­ry üçin pa­tent alyn­ýar. De­mir ýol üçin ni­ýet­le­nen gar aras­sa­laý­jy me­ha­nizm lo­ko­mo­ti­wiň öň ta­ra­pyn­da ýer­le­şip, üç­burç­luk şe­kil­li bo­lup, ga­ry iki gy­ra ser­pik­di­rip gid­ýär. Şeý­le ot­lu­lar, esa­san, ga­ryň köp ýag­ýan ýurt­la­ryn­da hä­zir­ki wagt­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
1913-nji ýyl­da «Go­od Roads Machi­ne­ry» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan il­kin­ji gar aras­sa­la­ýan tir­keg ön­dü­ril­ýär. Nýu-Ýor­kuň kö­çe­le­ri­ni aras­sa­la­mak üçin oý­la­nyp ta­py­lan bu ara­ba ­hä­zir­ki za­man gyş­ky teh­ni­ka­la­ryň baş­lan­gy­jy ha­sap­lan­ýar. Ula­gyň ga­ba­ra­sy me­tal­dan ýa­sa­lyp, aşa­gy­na 180 de­re­je aý­lan­ýan po­lat ör­tük or­naş­dy­ryl­ýar. Gö­räý­mä­ge tir­ke­ge meň­ze­ýän gar aras­sa­la­ýan me­ha­nizm at­lar bi­len çe­ki­lip­dir. Kom­pa­ni­ýa gar aras­sa­la­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­me­gi do­wam et­dir­ýär. 1920-nji ýyl­lar­da mo­tor­ly ulag­la­ryň ýaý­rap baş­la­ma­gy bi­len «Go­od Roads Machi­ne­ry» kom­pa­ni­ýa­sy uly ýol­la­ra ni­ýet­le­nen gar sy­ry­jy ma­şy­ny dö­red­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, ga­ry aý­lan­ýan çot­ga­lar bi­len sü­pür­ýän, öňün­dä­ki sus­guç bi­len so­rup alyp, gap­da­la pürk­ýän ýa-da ýük ula­gy­nyň ga­ba­ra­sy­na guý­ýan, üý­şü­ri­len ga­ry du­ran ýe­rin­de ere­dip, la­gym ul­ga­my­na ak­dyr­ýan we beý­le­ki ulu­ly-ki­çi­li on­lar­ça ýö­ri­te tehnologiýa peý­da bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da gid­raw­lik ul­ga­ma eýe bo­lan, döw­re­bap en­jam­lar or­naş­dy­ry­lan gar aras­sa­la­ýan ulag­lar gyş pas­lyn­da ýol he­re­ke­ti­niň üz­nük­siz he­re­ke­ti­ni ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ae­ro­port­lar­da bol­sa uçar­la­ryň gon­ma­gy­ny we uç­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin gar arassalaýan ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ryň dür­li gör­nüş­le­rinden peý­da­la­nyl­ýar.