Ame­ri­kan aý­dym­çy­sy Me­ra­ýa Ke­ri Tä­ze ýyl aý­dy­my­na öw­rü­len “All I Want For Christ­mas Is You” aý­dy­myn­dan ýo­ka­ry gir­de­ji ga­zan­dy. Bu aý­dym her ýyl Rož­dest­wo go­laý­lan­da iň köp diň­le­nen aý­dym­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Her ýyl no­ýabr aýy­nyň gel­me­gi bi­len has köp diň­le­nip baş­lan­ýan aý­dym ge­çen ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly bu ýyl hem “Bill­board Hot 100” sa­na­wy­nyň ýo­kar­ky bas­gan­ça­gy­na gaý­dyp gel­di. Bu aý­dym di­ňe “Spo­ti­fy”-da 1,3 mil­liard­dan köp ge­zek diň­le­nip­dir. “Bill­board” bu mag­lu­mat­lar esa­syn­da 52 ýaş­ly aý­dym­çy­nyň nä­çe­räk ga­za­nan­dy­gy­ny ha­sap­la­dy. Ge­çen ýyl di­ňe ABŞ-da 1,7 mil­li­on ge­zek diň­le­nen aý­dy­myň 1,36 mil­li­on dol­lar gir­de­ji ge­ti­ren­di­gi çak­la­nyl­ýar. Bu gir­de­ji­den “So­ny Mu­sic” hem bel­li bir de­re­je­de paý al­ýar. Aý­dym­çy­nyň beý­le­ki plat­for­ma­lar­dan hem 378 müň dol­lar ga­za­nan­dy­gy bel­le­nil­ýär. “Bill­board”-yň hü­när­men­le­ri aý­dy­myň glo­bal gir­de­ji­si­niň esa­sy ýaz­gy­dan 4,5 mil­li­on dol­lar we ýaý­ra­dy­lyş­dan 1,66 mil­li­on dol­lar ga­za­nan­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Bu gir­de­ji­den Me­ra­ýa Ke­ri­niň pa­ýy­na esa­sy ýaz­gy­dan 1,55 mil­li­on dol­lar, ýaý­ra­dy­lyş­dan 830 müň dol­lar dü­şen­di­gi­ni çak­la­ýar.
Aý­dym il­kin­ji ge­zek Ke­ri­niň 1994-nji ýyl­da çy­ka­ry­lan dör­dün­ji al­bo­my bo­lan “Mer­ry Christ­mas”-da ýaý­ra­dy­lyp­dy. Bu al­bom aý­dym­çy­nyň il­kin­ji Tä­ze ýyl al­bo­my bo­lup­dy.