ABŞ-nyň “Solid Power” kompaniýasy ýanmak howpy az bolan täze nesil elektroulag batareýalarynyň dizaýnyny BMW kompaniýasyna berer. Nemes awtoulag öndürijisi bolsa, “Solid Power”-iň işläp taýýarlan batareýalaryny Germaniýadaky zawodlarynda öndürer. “Solid Power” gaty elektroulag batareýalaryny işläp taýýarlaýar. BMW täze nesil batareýalaryň dizaýnyny taýýarlamak we önümçiligini ýola goýmak üçin 20 million dollar tölär. Bu batareýalaryň ýanmak howpunyň adaty litiý-ion batareýalardan has azdygy bellenilýär.
Soňky ýyllarda awtoulag öndürijileri täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin beýleki ugurlarda iş alyp barýan şereketleri bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar. Awtoulag senagatynda bäsdeşligiň artmagy netijesinde emele gelýän hyzmatdaşlyk täze tehnologiýalaryň has çalt önümçilige ornaşdyrylmagyna getirýär.
Güljeren Seýitmyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









