“Stellantis” arassa ulag taslamasyny giňeldýär

84

Bir­nä­çe aw­tou­lag bren­di­ne eýe­çi­lik ed­ýän “Stel­lan­tis” to­pa­ry aras­sa ener­gi­ýa bi­len iş­le­ýän ulag­la­ra has köp ma­ýa go­ýum gö­nük­di­rer. To­par “Fau­recia” we “Miche­lin” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň eýe­çi­lik ed­ýän, wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag bö­lek­le­ri­ni ön­dür­ýän “Sym­bio” şe­re­ke­tin­den paý­na­ma sa­tyn alar. Mer­ke­zi eda­ra­sy Ni­der­land­lar­da ýer­leş­ýän “Stel­lan­tis” şert­na­ma bag­laş­mak üçin gep­le­şik ge­çir­ýär. Iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň ýol­baş­çy­sy Kar­los Ta­wa­res “Sym­bio”-nyň teh­ni­ki ýol kar­ta­sy­nyň “Stel­lan­tis”-iň Ýew­ro­pa­da­ky hem-de ABŞ-da­ky wo­do­rod mak­sat­na­ma­la­ry bi­len ga­bat gel­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Ta­wa­res bu ädi­miň müş­de­ri­le­ri­ne ada­ty elekt­rou­lag­lar­dan has aras­sa ha­ryt­la­ry hö­dür­le­mä­ge be­ril­ýän müm­kin­çi­li­gi çalt­lan­dyr­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Dün­ýä­niň iň uly aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Stel­lan­tis” ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da wo­do­rod ýan­gyç­ly or­ta ulu­lyk­da­ky ýük ula­gy­ny sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy. Kom­pa­ni­ýa wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän uly göw­rüm­li ýük ulag­la­ry­ny 2024-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­da, 2025-nji ýyl­da ABŞ-da sa­tu­wa çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Sel­bi Toý­ba­ýe­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by