Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň “Al-Nasr” to­pa­ry bi­len yla­la­şan por­tu­ga­li­ýa­ly fut­bol ýyl­dy­zy Ro­nal­do gol çe­kiş­lik da­ba­ra­sy üçin Er-Ri­ýad şä­he­ri­ne bar­dy. Ro­nal­do Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ýo­ka­ry fut­bol li­ga­syn­da çy­kyş ed­ýän “Al-Nasr” to­pa­ryn­da çy­kyş eder. Ol tä­ze to­pa­ry bi­len şert­na­ma bag­laş­mak hem-de fut­bol jan­kö­ýer­le­ri bi­len ta­nyş­mak mak­sa­dy bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na bar­dy. Ro­nal­do bu tä­ze şert­na­ma­sy bi­len iň köp hak tö­len­ýän fut­bol­çy­la­ryň bi­ri bo­lar. Onuň şert­na­ma­sy­nyň möh­le­ti 2025-nji ýy­la çen­li bo­lup, 2,5 ýyl­da 500 mil­li­on ýew­ro ga­za­nar. Şeý­le hem Ro­nal­do­nyň bag­laş­ýan şert­na­ma­syn­da köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän mad­da hem bar. Bu mad­da­da Ro­nal­do­nyň Ang­li­ýa­nyň “Nýu­kasl” to­pa­ry­na ge­çip bil­jek­di­gi mä­lim edil­ýär. “Nýu­kasl” to­pa­ry şu möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na oý­na­ma­ga hu­kuk ga­za­nan ha­la­tyn­da, Ro­nal­do gel­jek möw­süm­de kar­ýe­ra­sy­ny bu to­par­da do­wam edip bi­ler. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu iň­lis to­pa­ry­na Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň döw­let ma­ýa go­ýum gaz­na­sy eýe­çi­lik ed­ýär