ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde 5-8-nji ýanwar aralygynda guralan elektronika sergisinde (CES) sürüjisis emeli aňly traktor, “akylly” gapy, diwan we beýleki müňlerçe tehnologiki täzelikler görkezildi. Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde on müňlerçe senagat wekillerini bir ýere jemlän bu sergi her ýyl geçirilýär. Bir ýyl mundan öň, CES sergisi anti-COVID çäklendirmeleri sebäpli wirtual görnüşde geçirilipdi.
Bu sergä “Google”, “Meta”, “Intel”, “Lenovo”, “TikTok” ýaly köp sanly öňdebaryjy kompaniýalar wirtual ýagdaýda gatnaşdylar. Sergä 2,3 müňden gowrak kompaniýa gatnaşyp, şolardan 800-si startap. Täzelikleriň arasynda meşhur markaly elektroulaglar, ykjam proýektor, “görünmeýän” nauşnikler bar. Göze gelüwli täzeliklerleriň arasynda bedeniň gurluşyna görä, sazlanýan “akylly” krowat, ses buýruklaryny ýerine ýetirýän aşhana krany, “akylly öý” tehnologiýasyna gurlan gapy we beýlekiler bar.
Kameralar we emeli aň ulgamy bilen enjamlaşdyrylan sürüjisi traktor hem köpleriň ünsüni özüne çekdi. Bu oňa päsgelçiliklerden sowlup geçip, meýdan işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, traktoryň sürüjisi bolsa diňe smartfon arkaly öz öňünde goýlan wezipeleri gönükdirip bilýär. Nemes kompaniýalary datçikleriň we robotlaryň ýardamy bilen ýokary tehnologiýaly dökün paýlaýyş ulgamyny, şeýle hem täze elektrik ekskawatoryny hödürlerdiler. Mundan başga-da, Germaniýanyň awtoulag pudagynyň innowasiýa mümkinçilikleri görkezildi. Esasan-da, Mýunheniň BMW awtoulag kärhanasynyň wekilleri, düwmä basylanda reňkini üýtgedip biljek futuristik awtoulag bilen bu ýere gelenleri geň galdyrdy.
Elektron sergisi 1967-nji ýyldan bäri, 1995-nji ýyldan bäri bolsa diňe Las-Wegasda geçirilýär. Bu ýyl 44 ugur boýunça täzelikler hödürlendi.