Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 17-nji tapgyrda geçen möwsümiň çempiony hem-de wise-çempiony zerur bolan 2 utugy ýitirdi. Ýagny “Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi.

Myhmançylykda “Monza” bilen duşuşan “Inter” 90+3-nji minutda Dumfrisiň ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçiren goly esasynda meýdançany bir utuk bilen terk etmäge mejbur boldy. 2-2 deňlikde tamamlanan duşuşygyň gollaryny “Monzadan” Çurria (11) bilen Dumfris (90+3 ö.d.), “Interden” Darmian (10) bilen Lautara Martines (22) geçirdi.

Edil şonuň ýaly, hasap “Milan” bilen “Romanyň” arasyndaky duşuşykda-da hasaba alyndy. Kalulu (30) hem-de Pobeganyň (77) gollary bilen 2-0 öňe saýlanan “Milan” soňky 3 minutda bu üstünligini saklap bilmedi. 77-nji minutda Ibanýes, 90+3-nji minutda-da Temmi Abraham tapawutlanyp, “Roma” 1 utuk gazandyran oýunçylar boldy. “Ýuwentus” ýene-de soňky minutlarda hasaby açyp, Danilonyň ýeke-täk goly bilen “Udinezeni” 1-0 ýeňdi. Geçen tapgyrda ýeňilmezekligini elden gideren “Napoli” myhmançylykda “Sampdoriýanyň” Osimhen hem-de Elmasyň gollary bilen 2-0 ýeňdi. Duşuşykda “Napoliniň” italiýaly oýunçysy Politano 6-njy minutda penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedi.

“Inter” bilen “Milan” ýaly “Lasio” hem üstünligini saklap bilmän soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi. “Empolini” kabul eden “Lasio” Anderson we Zakkaniniň gollary esasynda 2-0 öňe saýlandy. Ýöne soňky 10 minutda 2 gol geçirdip, meýdançany deňlik bilen terk etdi.