Hytaýda däp bolan Bahar baýramynyň (Çunsze, Hytaýyň Täze ýyly) başlamagy bilen ýurt şatlyk-şagalaňa gurşaldy. 7-nji ýanwarda tutuş ýurt boýunça Bahar baýramy bilen baglanyşykly hytaýlylaryň möwsümleýin syýahatlary we gezelençleri başlady. Täze ýyl bilen baglanyşykly çäreler 40 gün dowam edýär.
Bilermenleriň pikiriçe, bu döwürde azyndan 2 milliarddan gowrak syýahat amala aşyrylyp, bu geçen ýyldakydan iki esse köpdür. 8-nji ýanwarda ýurduň birnäçe portunda gümrük taýdan resmileşdirmek gaýtadan ýola goýlup, üç ýyl bäri togtadylan halkara syýahatçylyk açyldy. Bu mümkinçilik awiapetekleri sargyt etmek, şeýle-de köp ýurtda hytaýly syýahatçylara höwes bilen garaşylmagy bilen utgaşdy.
Hytaýyň Täze ýyly ýerli ilat üçin iň möhüm baýramçylyk bolup, iki müň ýyldan gowrak wagt bäri bellenilip gelinýär. Hytaý senenamasyna laýyklykda, Täze ýyl 22-nji ýanwardan 5-nji fewrala çenli milli däpler esasynda dowam edýär.
Ogulsuraý BABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









