Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýa, üstünliklerimiz üstünliklere utgaşýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň ählisinde türkmen halkynyň geljegi hakyndaky alada durandyr. Bu günki günde ähli ulgamlarda amal edilen işler asyrlara barabardyr. Dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda, durmuş üpjünçiliginde ýetilen sepgitler bimöçberdir. Bularyň ählisi türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň subutnamasydyr.
Uly üstünliklere beslenip tamamlanan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Geçen ýyl ýurdumyzyň durmuşynda möhüm wakalaryň bolan, tutumly işleriň amal edilen ýyly hökmünde ýadymyzda galar. 2022-nji ýylda ata Watanymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylan işler şu ýylda durmuşa geçirilmeli tutumly işleriň berk binýady bolar.
Bilşimiz ýaly, her ýylyň mynasyp at bilen atlandyrylmagy halkymyzda indi asylly ýörelgä öwrüldi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkyň arzuw-isleginiň aýdyň beýanydyr. Çünki ýaşlar döwletimiziň daýanjydyr, guwanjydyr, kuwwatydyr. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirilýär, ýaşlar barada ýöredilýän döwlet syýasaty aýdyň maksatlary nazarlaýar.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy hem-de «Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakynda Düzgünnama» üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şunlukda, Bilim ministrligi tarapyndan degişli guramaçylyk işleri geçirilip, täze bölüm – ýaşlar syýasaty bölümi açyldy.
Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri, Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, olary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek babatda bilim edaralarynyň, şeýle hem döwlet edara-guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döwlete dahylsyz we halkara guramalaryň özara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem bellenilen işleri kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, Kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we olary ara alyp maslahatlaşmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Pudagara iş topary döredildi.
Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna uly ynam bildirip, olar üçin iň gowy şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Gülaýym HANGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.