13-nji ýan­war­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Mej­lis­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa “Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy giň­den wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň 20-nji mar­tyn­da “Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Hal­ka­ra fo­ru­myň bar­şyn­da da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy, ýur­du­my­zyň öz­bo­luş­ly ta­ry­hy-me­de­ni, te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­ri, mu­zeý­le­ri we sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak, ýur­du­myz­da Mil­li ba­har baý­ra­my — Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re gat­naş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça öza­ra pi­kir alyş­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­di­ler, şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy şert­le­ri bo­lup dur­ýan hem-de Türk­me­nis­ta­nyň dost-do­gan­lyk, yn­san­per­wer­lik we hoş­me­ýil­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýän döw­re­bap sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne we kuw­wa­ty­na ba­gyş­la­nan iri çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň ýur­du­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­na hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge ýar­dam et­me­li­di­gi­ni nyg­tap, wi­se-prem­ýe­re bu fo­ru­my ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.