paslyň özüne mahsus owadanlygy, gözelligi bar. Ol gözellikler barada bolsa aýdara zat kän. Häzirki wagtda dowam edýän gyş paslynyň hem özüne mahsus gözellikleri bar. Bu pasylda tebigat ak gar bilen örtülýär. Çagalar üçin bolsa, gar zyňyşyp oýnamak, taýmak ýa-da garadam ýasamak örän gyzykly bolýar. Gyş paslynda birnäçe baýramçylyk hem bar. Dünýäde dabaraly ýagdaýda maşgala bolup bellenilýän Täze ýyl baýramçylygy hem şu paslyň içinde geçýär. Gyşyň asyl bezegi bolan gara bagyşlanan baýramçylyk hem bar. Bu sene 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda lyža sportynyň Halkara federasiýasynyň (fransuzça Federation International de Ski, FIS) başlangyjy bilen orta atyldy. Şeýlelikde, 15-nji ýanwar Bütindünýä gar güni (World Snow Day) ýa-da Halkara gyşky sport görnüşleriniň güni hökmünde bellenilip başlanýar.
Baýramyň maksady gyşky sporta bolan gyzyklanmany artdyrmak we ýaşlary işjeň durmuş ýörelgesine çekmekden ybarat. FIS gyş paslynda gar festiwallaryny geçirmegi, çagalaryň hem-de ulularyň konki typmagyny, lyžada taýmagy ýa-da gar tagtasyndaky oýunlary oýnamagy maslahat berýär.
Albina ZAKIRJANOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









