Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 18-nji tapgyrda “Salernitana” myhmançylykda “Atalantadan” 8-2 hasabynda asgyn geldi. Toparyň şeýle uly hasap bilen utulmagyndan soň tälimçi Dawide Nikola wezipesinden boşadyldy. Ozalky derwezeçi Morgan De Santisiň sport direktorlyk edýän klubuň ýolbaşçylary onuň ornuna Roberto D’Awersa, Rafa Benites, Leonardo Sempliçi ýaly tälimçiler bilen duşuşyk geçirdi. Ýöne olaryň hiç biri-de jogapkärçilikli wezipäni alaslary gelmedi. Netijede, klubuň ýolbaşçylary kowan tälimçilerini 48 sagatdan soň ýene-de işe çagyrdylar. 49 ýaşyndaky tälimçi bolsa teklibi kabul etdi. Ol täzeden dolanandygy üçin klubuň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygyny bildirdi. “Salernitana” topary çempionatda soňky gezek 30-njy oktýabrda ýeňiş gazanyp, ol 18 tapgyrdan soň 18 utuk bilen 16-njy orunda barýar.