19-njy ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­za iş sa­pa­ry bi­len ge­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­now bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy­nyň do­wa­myn­da türk­men-ta­tar gat­na­şyk­la­ry­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ösü­şi­niň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da bir­nä­çe giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­dä­ki bi­le­lik­dä­ki işiň top­la­nan baý tej­ri­be­si bi­len ber­ki­di­len hem-de uly gel­je­gi bo­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy türk­men ba­za­ryn­da iri meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni, şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ta­ta­rys­ta­nyň “Ka­mAZ”, “Tat­neft”, “KER-Hol­ding”, “Ka­zans­kiý wer­tol­ýot­nyý za­wod” we beý­le­ki­le­riň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da olar bi­ziň ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hil­li teh­ni­ki hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­ýar­lar di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň ola­ryň işi­ne mun­dan beý­läk-de ze­rur gol­daw ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Pre­zi­dent Rus­tam Min­ni­ha­now Ta­ta­rys­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň gel­je­gi uly ha­sap­lan­ýan türk­men ba­za­ryn­da öz or­nu­ny ber­kit­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni aý­dyp, ýur­du­myz­da dö­re­di­len amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýän, yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­dä­ki hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň gat­na­şyk­la­ry ne­ti­je­li ös­dür­mä­ge giň ýol aç­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky, şol san­da ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da, ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­lyk türk­men-ta­tar gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki dö­wür­de Ta­ta­rys­ta­nyň iri ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de türk­men ýaş­la­ry­nyň köp san­ly­sy­nyň dür­li hü­när­ler bo­ýun­ça bi­lim al­ýan­dy­gy­ny bel­le­di we ýur­du­my­zyň bu ugur­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy we myh­man sport ul­ga­myn­da­ky däp bo­lan gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­gyň, bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri gu­ra­ma­gyň, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ys­lam ýurt­la­ry­nyň we Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň bi­rin­ji hal­ka­ra hok­keý ýa­ry­şy­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry hem gat­naş­dy.
Däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň we ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işin­de tej­ri­be alyş­ma­gyň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň we Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let Ge­ňe­şi­niň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Şeý­le hem Ta­ta­rys­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal we­la­ýa­ty­nyň baş met­ji­di­niň düý­bü­ni tut­mak çä­re­si­ne gat­naş­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu sa­pa­ryň türk­men-ta­tar dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädi­me öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.